Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerine, «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine Gutlag iberdi

12:3615.09.2018
0
5112

Hormatly adamlar!
Sizi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýen abraýly baýraga, hormatly atlara mynasyp bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, uly rowaçlyklary arzuw edýärin.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzy dünýä derejesindäki ösüşlere beslemek, eziz Diýarymyzy syýasy, ykdysady taýdan güýçli depginler bilen ösdürmek boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetmegine, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen bu maksatnamalar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiz bilen berk baglanyşyklydyr.
Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir. Häzirki döwürde biz milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmäge, kämilleşdirmäge uly üns berýäris. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň, bagşy-sazandalarynyň, suratkeşleriniň, artistleriniň döredijilikli işlemekleri, täze, kämil eserleri yzygiderli döretmekleri üçin ähli şertleri döredýäris.
Häzirki döwürde medeniýet ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işler türkmen jemgyýetiniň agzybirligini berkitmekde, medeni-ahlak gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda we halkymyzy beýik ýeňişlere ruhlandyrmakda özboluşly ähmiýete eýedir.
Gadyrly medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri!
Şu günler bolsa ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Garaşsyzlyk baýramymyzy uly zähmet üstünlikleri, mynasyp sowgatlar bilen garşylamak biziň her birimiz üçin uly bagtdyr.
Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda biz paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisini ýokary derejede geçireris. Halk Maslahatynda biz il-ýurt bähbitli derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşarys, möhüm çözgütleriň birnäçesini kabul ederis. Bu işleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerimiziň barha rowaçlanýandygyny doly subut eder.
Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýylda ýurdumyzyň durmuşynda örän uly taryhy wakalar bolup geçýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän gadymy Amuldan gözbaş alan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu halkara awtoralli ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, sport ulgamynda gazanýan üstünliklerimizi dünýä ýaýmakda, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, sport ulgamynda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler, maslahatlar, festiwallar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy ýadygärliklerimizi, şöhratly taryhymyzy, halkymyzyň buýsançly geçmişini we medeni mirasyny düýpli öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmaga, olary ylmy esasda öwrenmäge we gorap saklamaga, şeýle hem ata-babalarymyzdan miras galan halkymyzyň baý geçmiş taryhyny dünýä ýaýmaga täze badalga berýär.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän medeni çärelere döredijilik işgärleri has-da işjeň gatnaşýarlar. Olar Beýik Ýüpek ýoly barada birnäçe döwrebap, täze eserleri döredýärler. Türkmen aýdym-saz, teatr, kino, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýeti giňden şöhlelendirilýär. Ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri bolsa özleriniň hekaýalarynda, goşgularynda, makalalarynda Beýik Ýüpek ýolunyň gadyr-gymmatyny giňden beýan edýärler. Bularyň ählisi nesilleri watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, ýaşlaryň kalbynda şöhratly ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine söýgi döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuşyndaky bu möhüm wakalaryň geljekde-de siziň döredýän eserleriňizde has-da joşgunly we täsirli beýan ediljekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy taryhy özgerişlere beslenýär. Gülleýşiň, rowaçlygyň, özgerişiň mekanyna öwrülen Awazada «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň, hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň dabaraly ýagdaýda sylaglanylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki Awaza döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrýan ylhamlar mekanydyr. Awaza dost-doganlygyň, bagtyýarlygyň mekanydyr.
Hormatly medeniýet işgärleri we sungat ussatlary!
Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy, şeýle hem hormatly atlara mynasyp bolmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň