Türkmenistan ýene üç sany “Boeing” satyn alar

23:0614.09.2018
0
10122

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýerli ähmiýetli howa menzillerini dikeltmek we bu ugurlarda ulanyljak howa gämilerini saýlap almak, howa gämileriniň düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugyna “Boeing 737 MAX 7” kysymly 3 sany uçary, şol sanda wajyp uçuşlar üçin niýetlenen 1 sany uçary satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň