“Amul — Hazar 2018” rallisiniň dördünji tapgyry geçirildi

15:5714.09.2018
0
7028

14-nji sentýabrda «Amul — Hazar 2018» rallisine gatnaşyjylar iň soňky «Sport meýdançasy» diýlip atlandyrylan düşelgä geldiler. Ýaryşyň dördünji tapgyry oňa gatnaşyjylarda üýtgeşik kynçylyklary döretmedi, oňa derek üçünji tapgyra garanda has täsirli boldy. Garri Hant we Bouter Rosgaar ilkinji orna ynamly dolandylar, olar Nani Romini we Aleks Harony birinji orundan ikinji orna süýşürdiler. Belarusly Sergeý Wýazowiçiň erk edýän MAZ awtomobili üçünji orny eýeledi, bu agyr ulag ispanlaryň MINI awtoulagyndan bary-ýogy bir ýarym minut gijä galyp, pellehana geldi.
Bu düşelgede sürüjileri milli tans we saz toparlary garşylady. Agşamlyk nahardan soň myhmanlar Balkan welaýatynyň tebigy ajaýyplyklary bilen tanyşdylar.
15-nji sentýabrda rallä gatnaşyjylar Hazar deňziniň kenaryna baryp ýeterler hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda pellehanadan geçerler. Bu ýerde Merkezi meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça geçirilen ägirt uly.
“Amul — Hazar 2018” eko-ralli reýdi tamamlanar. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň