TÝL — 2018: «Altyn asyr» ýaryşyň öňdebaryjysy bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy

23:5612.09.2018
0
4833

Güýz. Diňe daýhanlaryň däl, ýurdumyzyň futbol toparlarynyň hem çeken zähmetiniň miwesini görüp pasyly. Hut şu pasylda haýsy toparyň Türkmenistanyň futbol boýunça çempiuony bolandygyny bileris.
Geçen ýylda bolşy ýaly, bu ýyl çempionlyk ugrundaky göreş, esasan, iki toparyň — «Ahal» bilen «Altyn asyryň» arasynda dowam edýär. Geçen ýylda bolşy ýaly, «Ahal» çempionatyň soňky tapgyrlaryna çenli ýaryş tertibiniň iň ýokarky ornuny özünde saklaýar, «Altyn asyr» hem geçmesi kyn böwetden aşyp, çempion bolmaga çalyşýar. «Aragatnaşykçylar» geçen ýyl-a muny başarypdy, bu ýyl başararmyka?! Toparyň soňky oýunlarynda fiziki taýdan has gowy ýagdaýa gelen futbolçylary arzyly çempionlyga sary ýene üç basgançak ýokary galdylar. Galdy — iki basgançak.
Biziň bu agzaýan basgançaklarymyz ýaryş tertibiniň orunlaryny dňl-de, toparlaryň ýygnan utuklaryny göz öňünde tutýar. «Altyn asyr» çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşi, ýaryş tertibiniň hem öňdebaryjysy «Ahal» bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy. Üstesine, «aragatnaşykçylaryň» ätiýaçda ýene bir duşuşygy bar. Diýmek, öňe geçmek, çempion bolmak mümkinçiligi, häzirlikçe, bu ýyl hem «Altyn asyryň» elinde.
Tamamlanyp barýan hepdäniň çarşenbe güni Milli çempionatymyzyň 17-nji tapgyrynyň çäklerinde senesi üýtgedilen duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary «Altyn asyry» kabul etdi. Duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Eýýäm 19 tapgyry yzda galan çempionatymyzyň bu duşuşygynyň «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogy — 2018-iň çäklerinde Hindistanyň «Bengaluru» topary bilen geçirilmeli duşuşygyna taýýarlyk görendigi sebäpli, başga bir güne geçirilendigi okyjylarymyzyň ýadyndadyr. «Aragatnaşykçylaryň» hindi toparyny ýeňip, ýaryşyň ýarym finalyna çykandygyny, gepiň gerdişine görä, guwanç bilen ýatladyp geçmek isleýäris.
«Şagadam» şu ýyl «Altyn asyry» utulyşa sezewar edip bilen üç toparyň biri. Özi-de «kenarlylar» bu ýeňşi ýaryşyň 10-njy tapgyrynyň çäginde 6-njy iýunda Aşgabatda geçirilen duşuşykda gazanypdylar. Şol duşuşykda 0:1 hasabynda asgyn gelen «Altyn asyr» şondan 10 gün soň, «Şagadamy» Türkmenbaşy şäherinde 2:0 hasabynda ýeňip, ýeňşe ýeňiş bilen jogap beripdi.
Bu gezek welin, eýýäm 10-njy minuda çenli hasap «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna 2:0-a çykdy. 4-nji minutda Wahyt Orazsähedow, 7-nji minutda Selim Nurmyradow tapawutlanyp, «Şagadamyň» janköýerleriniň «keýpini bozdy». Ýöne Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň ýer eýelerine «pökgi sowgady» munuň bilen hem tamamlandy. Soňky ýyllaryň türkmen futbolynyň ýyldyzlarynyň hatarynda parlaýan Altymyrat Annadurdyýew 49-njy minutda «Şagadamyň» derwezesinden üçünji pökgini hem geçirdi. Bu pökgi Altymyradyň Ýokary liganyň şu möwsüminde geçiren 9-njy pökgüsidir. Ol bu netije bilen çempionatda iň köp tapawutlanan futbolçy — «Ahalyň» we milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Süleýman Muhadow bilen deňleşdi. Duşuşyk şu hasap — «aragatnaşykçylaryň» 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen hem tamamlandy.
Şeýlelikde, 18 duşuşykda 39 utuk toplan Aragatnaşyk ministrliginiň topary 41 utukly «Ahal» bilen arany barha ýygyrdy. Ýöne «Ahalyň» 19 duşuşyk geçirendigini ýene bir ýola ýatlatmak isleýäris. «Şagadam» bolsa 30 utuk bilen ýaryş tertibiniň üçünji ornunda galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň