Soňky habarlar

Arhiw

Rus agyr atletikaçylary doping sebäpli çäklendirmeden soň, Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşyp biler

16:0412.09.2018
0
5998

Günler bizi ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna barha ýakynlaşdyrýar. Çempionat ýakynlaşdygy saýy, dünýä metbugatynda bu ýaryş bilen bagly habarlar has ýygylaşýar. Ýakynda TASS habarlar agentligi öz resmi saýtynda Russiýa federasiýasynyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşyp biljekdigini habar berdi. Habarda ýygyndynyň baş tälimçisi Oleg Pisarewskiniň beren maglumatlaryna salgylanylýar.
Şeýlelikde, 28-nji oktýabrdan 10-njy noýabr aralygynda geçiriljek çempionat rus agyr atletikaçylary üçin täze sahypa bolar. Dopinge garşy göreş boýunça halkara guramanyň çykaran karary bilen, rus türgenleri birnäçe wagtlyk halkara ýaryşlaryna gatnaşmakdan mahrum edilipdi. Ýakynda bolsa Russiýanyň agyr atletika boýunça milli federasiýasy bu çäklendirmäniň 19-njy oktýabrda tamamlanjakdygyny habar berdi. Şeýlelikde, biz çempionata Russiýadan 10 çemesi erkek agyr atletikaçynyň we şonçarak zenan agyr atletikaçylaryň gatnaşmagyna garaşyp bileris.
Milli ýygyndynyň deslapky düzümi Don boýundaky Rostow şäherinde 10-njy sentýabrda tamamlanan Russiýanyň çempionatynda yglan edildi.
Ýeri gelende aýtsak, rus türgenleri 2008-nji we 2012-nji ýyllardaky Olimpiýa oýunlarynda doping ulanandygy sebäpli, halkara ýaryşlaryndan birnäçe wagtyk uzaklaşdylypdy. TASS-yň habaryna görä, rus türgenleriniň Aşgabatda geçiriljek çempionata gatnaşmagy olara Tokio — 2020 üçin hem derwezeleri açyp biler. Ýöne ozalky Olimpiýa oýunlarynda goýberilen ýalňyşlyklaryň belli bir mukdary Ýaponiýada geçiriljek oýunlarda hem täsirini ýetirse gerek. Dünýä çempionatynda gowy netije gazanylaýanda hem Russiýanyň milli ýygyndysyna Olimpiada — 2020-de doly düzümde çykyş etmäge rugsat berilmezligi mümkin diýip, TASS ýazýar. Şeýle-de bolsa, rus agyr atletikasy ozalky meşhurlygyny dikeltmegiň ilkinji ädimlerini hut türkmen paýtagtynda ädip biler. Munuň özi Aşgabady we Türkmenistany sport arkaly adamlara şatlyk paýlaýan mekan hökmünde nobatdaky gezek dünýä çykarar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň