Türkmenistanda nagt däl görnüşinde taksilere töleg etmek ulgamy girizildi

06:1011.09.2018
0
6694

«Rysgal» gazetiniň habarynda aýdylyşy ýaly Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky döwrebap, amatly we ygtybarly «Altyn asyr» bank kartlaryndan peýdalanyp, töleg terminalynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde ýeňil awtoulaglaryň (taksi) hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek mümkinçilik döredilipdir. 
Türkmenistanda nagt däl görnüşinde töleg geçirmek mümkinçiligi eýýäm howa menzilinde, demir ýol menzilinde, söwda we dynç alyş merkezlerinde, dermanhanalarda we jemgyýetçilik ýerlerinde giňden peýdalanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň