Türkmenistanyň Prezidenti energetikleriň halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

04:3306.09.2018
0
3501

Döwlet Baştutanynyň Gutlagy şu sözler bilen başlaýar: «Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn».
Gutlagda «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda geljekde ýurdumyzyň welaýatlarynda guruljak gaz turbinaly dürli elektrik stansiýalarynyň energetika kuwwatlyklarymyzy artdyrjakdygyna ynam bildirilýär. Gutlagda nygtalşy ýaly, bu halkara sergide we ylmy maslahatda Garaşsyz döwletimiziň energetika pudagynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary we mümkinçilikleri baradaky maglumatlary alyşmaga, şeýle hem täze, geljegi uly taslamalary hödürlemäge, pudakda ýetilen sepgitlere göz ýetirmäge, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, energiýanyň täzelenýän çeşmelerini netijeli ulanmagyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň kärhanalaryna we köp sanly daşary ýurt kompaniýalaryna özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilikleriň dörejekdigine ynam bildirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň