Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

04:1806.09.2018
0
6428

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.
Mejlisiň barşynda
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew  ýolbaşçylyk edýän edarasynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işler;
içeri işler ministri I.Mulikow Içeri işler ministrliginiň ýylyň başyndan bäri düzgün bozmalaryň, awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetiren işleri, şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde guralýan çäreler;
goranmak ministri B.Gündogdyýew ministrlikde şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler we Goşunlaryň ähli kysymlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 27 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek harby ýörişe taýýarlyk meselesi;
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda kazyýet işini guramak boýunça durmuşa geçirilen işler, edaranyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler;
Baş prokuror B.Atdaýew ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleri, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri;
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Türkmenistanyň serhedindäki ýagdaý hem-de ýolbaşçylyk edýän gullugynyň şu ýylyň geçen döwründe alyp baran işleriň netijeleri we bu gullugyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň barşy;
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow sekiz aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;
adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň hereket edýän kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalarynyň kadalaryny kanunçylyga ornaşdyrmak babatda teklipleri taýýarlamak boýunça ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri;
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe edaranyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen işler;
Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, korrupsiýa garşy göreşmek baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilişi hem-de hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça birnäçe guramalarda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz Watanymyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgesine ygrarlydygyny hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan we parahatçylygyň hem-de asudalygyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we raýatlarymyzyň abadançylygynyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýän milli Harby doktrinanyň düzgünlerine berk eýerýändigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň