Soňky habarlar

Arhiw

Rus teleýaýlymy türkmen atly jigitleri hakynda gepleşik taýýarlady

09:5003.09.2018
0
8359

Geçen dynç günleri Russiýanyň “Zwezda” teleýaýlymynda görkezilen “Sirkiň rowaýatlary” atly meşhur gepleşigiň ýörite sany Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna bagyşlandy.
Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň ýolbaşçysy Edgard Zapaşnyý öz gepleşiginiň gahrymanlary bilen tanyşdyranda, ola­ryň dünýä sirkiniň we tutuş milletiň — türkmen halkynyň hakyky buýsanjydygyny aýtdy. Bu gepleşikde Sankt-Peterburgda geçirilen festiwalda “Galkynyş” toparynyň täsirli çykyşlary görkezildi.
“Sahnada — dogumly ýigitler hem-de iň ýyndam atlar — diýip, synçy teswirleýär. Tomaşaçylar olara arkaýyn seredip bilmeýärler, çünki bu çykyşlar dartgynly ýagdaýy döredýär. Her bir tilsim özboluşly hatarly bolup, şolaryň käbiri akylyňy haýran edýär”.
Ady agzalan gepleşikde biziň ussat artistlerimiziň çykyşlarynyň özünde galdyran täsirleri bilen “Fontankada” atly I Halkara sirk sungaty festiwalynda alypbaryjy bolan belli aktrisa Kristina Asmus paýlaşdy. Ol gözleri daňlan çapyksuwaryň bedewleriň aşagyndan geçen pursadyna tolgunmak bilen tomaşa edendigini gürrüň berdi. Şunda çapyp barýan bedewiň, ondada, iki bedewiň güýjüni göz öňüne getirmek üçin bu tolgundyryjy pursady duýmak gerek.
Festiwalda düşürilen filmde märekäniň arasynda “goldaw toparyndan” bolan ýaşlary hem görmek boldy, olar ellerinde ýaşyl baýdaklary galgadýardylar. Watandaşlarymyz, ähtimal, talyplar bu çykyşlary görmäge, öz ildeşlerine ruhy goldaw bermäge gelendir.
Gepleşikde ahalteke bedewlerine aýratyn üns berildi. Olar barada ähli ýerlerde ajaýyp häsiýetlendirmeler bilen gürrüň edýärler. Olary behişdi we ganatly, başy belent, altynsow bedewler diýip atlandyrýarlar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň