Marynyň howa menziline dünýädäki iň uly uçar gondy

23:1602.09.2018
0
20982

1-nji sentýabrda ýangyç guýmak maksady bilen, Mary şäheriniň Halkara howa menziline An-225 “Mriýa” (“Antonow” awiaulag kärhanasy, Ukraina) uçary gelip gondy. Mälim bolşy ýaly, O.K.Antonow adyndaky uçar kärhanasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu howa gämisi dünýäde iň uly we ýük göterijiligi köp bolan uçardyr. Onuň hasabynda dünýä rekordlarynyň birnäçesi, şol sanda ýük göterijiligi 253,8 tonna bolan ýokary netije hem bardyr.
Bu howa menzilinde döredilen mümkinçilikler oňa ýük göterijiligi dünýäde iň uly, asmana galan iň agyr An-225 “Mriýa” hem-de An-124 “Ruslan” ýaly uçarlary kabul etmäge mümkinçilik berýär. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň