Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 31-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna wise-premýer D.Amangeldiýew “Türkmenistanyň energetika senagatynyň esasy ugurlary” atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Her ýylda geçirilýän pudaklaýyn forumy şu ýylyň 6 — 8-nji sentýabrynda Aşgabatda guramak meýilleşdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzyň Energetika ministrligi bilen Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guraýan ýöriteleşdirilen sergisine elektroenergetika kompaniýalary we hususy düzümler gatnaşar. Bu ýerde maýa goýumlary çekmek, dürli kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmak, elektroenergetika pudagynda energiýa tygşytlaýjy usullar ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Milli Liderimiz energetika senagatynyň ösüşine bagyşlanan halkara serginiň we maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýere bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.