Türkmenistanda 5-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

14:4601.09.2018
0
7886

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 31-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna wise-premýer E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şu ýyl ýur­du­myz­da pag­ta aras­sa­la­ýan kär­ha­na­la­ryň 38-si, taý­ýar­la­ýyş bö­lüm­le­ri­niň 156-sy taý­ýar­la­nyl­dy, pag­ta ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň 1 müň 76-sy, aw­to­mo­bil­le­riň 2 müň 261-si, trak­tor­la­ryň 2 müň 162-si, trak­tor tir­keg­le­ri­niň 3 müň 325-si ula­ny­lar.

Pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, mil­li Li­de­ri­miz Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da 5-nji sent­ýabr­da, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da bol­sa 16-njy sent­ýabr­da pag­ta ýy­gy­my­na baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar­dan pag­ta ýy­gy­my­ny “Bis­si­mil­la” bi­len baş­lap ber­mek­le­ri­ni ha­ýyş edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz daý­han­la­ra bol ha­syl al­ma­gy ar­zuw et­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň