Hormatly bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2018 — 2019-njy Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz il-ýurt bähbitli özgertmeleriň, uly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýy hem yzygiderli artýar. Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyz dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldaw tapýar. Ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, ykdysadyýetimizi senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy, ata Watanymyzyň durnukly ösüşi üpjün edilýär.
Biz döwlet syýasatymyzyň strategik ugry hökmünde milli bilim ulgamynyň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün etmek maksady bilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Ösen ýurtlaryň tejribesini hem-de ösüşini nazara alyp, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleri özleşdirmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri durmuşa geçirýäris.
Alyp barýan bilim syýasatymyzyň esasy maksady berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni binýadyny pugtalandyrmaga, ylmyň we bilimiň mümkinçilikleri ýurdumyzyň täze belentliklere ýetmegine gönükdirildi. Şoňa görä-de, Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerini gurmak, iň täze bilim usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini hem-de döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly tejribe toplandy. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara guramalar, belli bilim we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikde amala aşyrylýan maksatnamalardyr taslamalar Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini we ornuny yzygiderli pugtalandyrdy. Biz geljekde hem örän işjeň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, dürli ýurtlar we sebitler bilen, şeýle hem ählumumy derejede täze maksatnamalary amala aşyrmak arkaly bilim özgertmelerimizi dowam ederis.
Gadyrly okuwçylar, mähriban talyplar!
Watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy we hoşniýetliligi ýörelge eden ýaşlarymyz bolan siziň eşretli durmuşda ýaşamagyňyz, halkara derejesinde bilim almagyňyz, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn bilimli nesil bolup ýetişmegiňiz üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar. Zerur ugurlardan ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, bilim-terbiýeçilik işlerini dünýä derejesinde kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça hem netijeli işler dowam edýär.
Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän bu aladalar eziz Watanymyza, merdana halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam berýär.
Şoňa görä-de, ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyp ýaşlary halkara ders olimpiadalarynda, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde, medeni-sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza, merdana halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli ýaşlarymyz biziň guwanjymyzdyr.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk durmuş ýolunda paýhas, ylym-bilim, sungat bilen egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilimler mirasyny, terbiýe mekdebini döredipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwert, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherlerinde, obadyr kentlerinde dana pederlerimiziň okamaga bolan hyjuwdyr söýgüsi ylym-bilimiň gülläp ösmegine uly itergi beripdir.
Biziň halkymyz eşretli durmuşyň, bagtyýar geljegiň gözbaşy hökmünde bilime, asylly käriň eýeleri bolan mugallymlara aýratyn hormat-sarpa goýýar. Gadymy ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirjek, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýjak nesilleri terbiýelemekde mugallymlaryň irginsiz we döredijilikli zähmetini belentde tutýar. Şoňa görä-de, merdana halkymyzyň watansöýüjilik, dostluk, ylym-bilim hakyndaky parasatly öwüt-ündewleri, aýratyn hem gujur-gaýratly, döredijilikli we yhlasly zähmeti bilen ýaş nesillerde eziz Watanymyza bolan beýik buýsanjy terbiýelemek mugallymlaryň we ähli bilim işgärleriniň hemişelik mukaddes borjudyr.
Hormatly bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, okuwda we işde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.