Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýakyn wagtda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen ýygyndy toparynyň bu ýaryşa gatnaşýan agzalaryna sürüjilik şahadatnamalary we milli Liderimiziň adyndan degişli lybaslar gowşuryldy.
Ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň we Awtomobil sporty boýunça milli federasiýasynyň toparlarynyň 15-si bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eder. Olar şu ýylyň maý aýynda guralan saýlama tapgyry geçdiler. Döwlet Baştutanymyz şol gün Garagum sährasy boýunça guralan saýlama tapgyra gatnaşyp, ýokary netije görkezdi we otuz türgenden ybarat türkmen ýygyndy toparyna ak ýol arzuw etdi.
Bu ýerde geçirilen çärä ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleriniň agzalary, pudaklaýyn edaralaryň işgärleri, “Amul — Hazar 2018” awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogapkär wekiller, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlaryndan soňra Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalaryna degişli şahadatnamalar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan türgenleriň ýörite sport lybaslarynyň toplumy gowşuryldy.
Şeýlelikde, Türkmenistandan rallä gatnaşyjylaryň atlary yglan edildi. Olar Muhammetmyrat Gurbanow, Şamyrat Gurbanow, Gurbanberdi Daňatarow, Rafael Gaýnulin, Merdan Toýlyýew, Şöhrat Toýlyýew, Ýolaman Abaýew, Arslan Karakulow, Begenç Annaýew, Mekan Amantaganow, Agamyrat Annaýew, Annageldi Sähetgurbanow, Süleýman Sahatow, Kerimberdi Rahmanberdiýew, Guwançmyrat Hommadow, Rejepniýaz Annaberdiýew, Kerim Öwezow, Baýrammyrat Annaýew, Parahat Garlyýew, Timur Mamedow, Begnazar Nurýagdyýew, Hojaguly Annamämmedow, Gaýgysyz Akmyradow, Mergennur Agaýew, Arslan Hommadow, Mergengeldi Öwlägulyýew, Meýlis Hydyrow, Çary Muhyýew, Mekanmyrat Populow, şeýle hem Normunds Meýmans, Wadim Şmaýlow we Zaharows Androw dagydyr.
Biziň toparlarymyz “Nissan Patrol”, “Mitsubishi L 200”, “Chevrolet”, “Toyota Hilux”, “Toyota Lancruzer 200” kysymly awtoulaglarda, kwadrosikllerde we ýük awtoulaglarynda (MAN) çykyş ederler.