Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

17:1530.08.2018
0
5807

29-njy awgustda ýurdumyzda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda başlandy. Toprak-howa şertlerine we agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekişine Daşoguz welaýatynda 5-nji sentýabrda girişiler.
Şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça 760 müň gektara ak bugdaý ekiler. Gallaçy daýhanlar 2019-njy ýylda 1 million 600 müň tonna däne almaga borçlandylar. Şunlukda, Ahal welaýatynyň gallaçylary 450 müň, Mary welaýatynyň kärendeçileri 380 müň, Lebap welaýatynyň daýhanlary 350 müň, Daşoguz welaýatynyň gallaçy kärendeçileri 300 müň, Balkan welaýatynyň daýhanlary bolsa 120 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.
Geljek ýylyň bol hasylynyň düýbi tutuljak ýerler öz wagtynda sürüldi hem-de bugdaýyň ýokary hilli we ýokary hasylly tohumlary taýýarlanyldy. Olar “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten - 1”, “Ýolöten - 3”, “Türkmenbaşy - 1”, “Gyzylşaglawuk - 25”, “Miras”, “Akbaş”, “Ýubileýnaýa -100” “Batko”, “Wassa” tohumlarydyr.
Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edildi. Ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, Türkmenistan boýunça şu möwsümde sürüm traktorlarynyň 2 müň 600-den gowragy hem-de “Сase”, “СLAAS”, “John Deere”, “Belarus — 80H” we “Belarus — 82.1” bejergi traktorlarynyň 7 müň 800-den gowragy, 1 müň 960 ekiji gurallar we beýleki tehniki serişdeler herekete giriziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň