Gurluşyk pudagynda gazanylanlar Aşgabatdaky halkara sergide görkezilýär

03:0729.08.2018
0
9645

 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmengurluşyk — 2018» hal-kara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat açyldy. Halkara forumy gurluşyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezi-denti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär. Forum Gurluşyk we binagärlik ministrligi, «Türkmenawtoýollary» döwlet konserni bilen bilelikde gurnaldy.

Şu ýyl giň gerimli sergä dünýäniň 14 döwletinden — Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýa-dan, Ispaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Awstriýadan, Fransiýadan, Gresiýadan, Finlýandiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ukrainadan 130-dan gowrak kompaniýalar iri möçberli sergileri bilen gatnaşýarlar.

Bu ýerde görkezilýän önümler we gurluşyk serişdeleri işewürleri, hünärmenleri hem-de öz ýaşaýyş jaýyny, edara binasyny, kottejini abatlamak ýa-da bezemek isleýän islendik raýa-ty hem-de gurluşyk tehnologiýalarynda, enjamlar, serişdeler we gurallar babatynda diňe okuw kitaplary bilen däl-de, iş ýüzünde tanyşmak isleýän talyplary we orta okuw mekdep-lerinde okaýan okuwçylary gyzyklandyryp biler. Sergi täjirçilik şertnamalaryny baglaşmak, mahabat işlerini geçirmek, maýadarlary gözläp tapmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň