Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn Asyr” – “Bengaluru”: toparlaryň çykyş etjek köýnekçeleri belli boldy

02:4829.08.2018
0
5064

28-nji awgustda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň konferens zalynda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde duşuşýan toparlaryň – “Altyn Asyr” bilen Hindistanyň “Bengaluru" toparynyň resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Altyn Asyr” topary ýer eýesi hökmünde adaty gök, “Bengaluru” topary bolsa ak-gök köýnekçede çykyş eder.

AFK-nyň kubogynyň interzolagynyň ýarym finalynyň jogap oýnunyň (“Altyn Asyr” – “Bengaluru”) 29-njy awgustda paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.  Bu duşuşyk 16:30-da başlanar.

Ýeri gelende aýtsak, interzolagyň birinji ýarym finalynda “Altyn Asyr” myhmançylykda 3:2 hasabynda üstün çykypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň