Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" - "Bengaluru" duşuşygyna saud arabystanyly eminler topary eminlik eder

21:4828.08.2018
0
1793
"Altyn asyr" - "Bengaluru" duşuşygyna saud arabystanyly eminler topary eminlik eder

FIFA-nyň emini Turki Mohammed Alkhudhaýyryň ýolbaşçylygyndaky saud arabystanyly eminler topary ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyryň” AFK-nyň Kubogy 2018-iň sebitleýin ýarym finalyndaky ikinji duşuşygynda eminlik ederler. 29-nji awgustda paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda futbolçylarymyzyň Hindistanyň “Bengaluru” topary bilen geçirjek duşuşygynda Turki Mohammediň kömekçileri hökmünde Fahad Awaied Alumri bilen Alshumrani Badr Ali çykyş ederler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini Alhunruş Şukri Hussain ýerine ýetirer.  

Bu duşuşygyň gözegçi emini Hussain Sh.H.A.Çadhanferi (Kuweýt), duşuşygyň komissary singapurly P.Siwakumar bolar.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň Interzolagynyň ýarymfinalynda “Bengaluru” bilen “Altyn Asyr” toparlarynyň arasyndaky birinji duşuşyk 22-nji awgustda Bengaluru şäheriniň “Sree Kanteerava” stadionynda geçirilip, onda paýtagtymyzyň topary 3:2 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Ýarym finalyň jogap oýnunyň 29-njy awgustda Aşgabadyň “Köpetdag” stadionynda 16:30-da geçirilýändigini ýatladýarys.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň