Türkmenistanyň Prezidenti Garagumyň giňişliklerinde ýaryş awtoulagynyň tehniki häsiýetnamalaryny synagdan geçirdi

06:2227.08.2018
0
7617

 Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz endigine eýerip, wagtyny sport bilen meşgullanmaga bagyşlady hem-de täze ýaryş awtoulagynda türgenleşik geçip, onuň tebigy çöllük şertlerde tehniki häsiýetnamalaryny synagdan geçir-di. Synag mahalynda döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde uzak aralygy geçdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen guralýan «Amul — Hazar 2018» ýaryşlarynyň başlanma-gyna az wagt galdy, ol ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine güýçli ýardam be-rer. Döwlet Baştutanymyzyň bu iri halkara ýaryşy Garagum sährasynda geçirmek barada-ky teklibi dünýäniň köp ýurtlaryndan ussat awtosürüjiler, şol sanda meşhur ralli ýaryşlaryna gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma eýe boldy. Şu günler türkmen awtosürüjileri hem bäsleşiklere işjeň taýýarlyk görýärler, olar meşhur daşary ýurt türgenleri bilen ýaryşlara gatnaşarlar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň fewral aýynda Lebap welaýatynda iş sa-parynda bolmagynyň barşynda «Amul — Hazar 2018» ugry boýunça köpçülikleýin welosi-pedli ýörişe we ylgaw ýaryşlaryna badalga berdi. Munuň özi bäsleşiklere taýýarlygyň baş-lanýandygyny alamatlandyrdy, taýýarlyk çäreleri gün-günden güýçlenip, ýurdumyzyň ähli sebitlerini öz gerimine aldy. Watanymyz eýýäm halkara ähmiýetli ýaryşlary geçirmekde gymmatly tejribä eýedir hem-de öňde boljak ralli Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde abraýynyň belende galmagynda ýene bir möhüm ädim bolar.
Şu ýylyň maý aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen toparlarynyň arasynda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşyp, tür-genlerimize ak pata berdi. Şol ýaryşlaryň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyz düzüldi, ol ýeňiji bolmak ugrunda bäsleşer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň