Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çigmal biržasynda geleşikleriň 14-si bellige alyndy

20:1325.08.2018
0
3762

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem reňksiz list aýnalar, nah mata we ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Ermenistan, Owganystan we Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň we Hindistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 770 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň