Türkmen türgenleri Tomusky Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek jiu-jitsu boýunça medal gazandylar

05:1625.08.2018
0
8419

24-nji awgustda, XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň altynjy gününde türkmen toparynyň gazananlarynyň üsti ýene-de bir bürünç medal bilen artdy. Munuň özi Aziýa oýunlarynyň taryhynda jiu-jitsu boýunça ýaryşlarda “ne-waza” görnüşinde Türkmenistanyň ilkinji baýragydyr.

Sportuň bu görnüşinde 56 kilograma çenli agram derejesinde Kemal Meredow tapawutlandy. Ol Gyrgyzystanly garşydaşy bilen söweşi üstünlikli geçirip, pakistanly türgeniň garşylyk görkezmeginden üstün çykmagy başardy.

Ildeşimiziň çärýek finaldaky duşuşygy ýeňliş bilen tamamlandy. Ýöne, Özbegistanyň wekili bilen goşmaça göreşde K.Meredowa ynamly ýeňiş gazanmak başartdy.

Mongol türgeni bilen üçünji orun ugrundaky jemleýji duşuşyk çylşyrymly boldy. Garşydaşlar işjeň hereket etmekde we ussatlykda biri-birinden kem galmady. Netijede, eminleriň çözgüdi bilen ýeňiş türkmen pälwanyna berildi. Biziň türgenimiziň bu ýaryşlara taýýarlygynyň ýokary derejesini bellemek gerek. Çünki Mongoliýanyň wekili Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bürünç baýragynyň eýesidir, K.Meredow bolsa şol ýaryşyň tertipnamasynda dokuzynjy orundady.

69 kilograma çenli argam derejesinde Jelilmuhammet Hojamyradow hem medal gazanmakdan sähelçe yza galdy. Ol 1/16 we 1/8 finaldaky duşuşyklary üstünlikli geçip, çärýek final tutluşygynda ýeňildi. Goşmaça söweş biziň türgenimiziň ýeňşi bilen tamamlandy. Dünýä çempionatynyň baýrak eýesi bilen bürünç medal ugrundaky duşuşykda bolsa eminler ýeňşi garşydaşa bermegi makul gördüler. D.Hojamyradow netijede bäşinji orny eýeledi.

Boks boýunça ýaryşlara badalga berlip, ilkinji duşuşyklar geçirildi. 60 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji aýlawy biziň türgenimiz Hursand Imankulyýew hem yzda galdyrdy. Ol 2017-nji ýylda bolan Yslam oýunlarynyň baýrak eýesi hem-de şu ýyl Polşada geçirilen boks boýunça Feliks Ştamm adyndaky XXXV halkara ýaryşynyň ýeňijisidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň