Soňky habarlar

Arhiw

Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi

19:3024.08.2018
0
7646

Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň çäginde Awazadaky Kongresler merkeziniň Uly mejlisler zalynda AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Şu günki duşuşygyň Aral deňzi meselelerini çözmek işinde aýdyň netijeleri gazanmaga umumy islegiň nobatdaky subutnamasy boljakdygyna ynam bildirmek bilen, milli Liderimiz Sammite gatnaşyjylary onuň işine başlamagy bilen gutlady.

Wagt bir ýerde durmaýar, şonuň üçin Aral meseleleri bu gün häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze çemeleşmeleriň zerurdygyny şertlendirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistan şundan ugur almak bilen, 2017-2019-njy ýyllarda Gaznada başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne aldy. Biz başlyklyk etmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarladyk, onda işleriň esasy ugurlary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleriň esasy ugurlary bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-2018-nji ýyllarda Aşgabatda AHHG-niň Müdiriýetiniň, onuň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň mejlisleri geçirildi, AHHG-niň Ýerine Ýetiriji komiteti öz işini yzygiderli amala aşyrýar. Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa halkara ekologiýa forumy geçirildi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Araly goramak meselesine eýýäm köpden bäri içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez. Ony üstünlikli çözmek üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, täze jemlenen, toplumlaýyn halkara çemeleşmesi, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň yzygiderli gatnaşmagy zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-De-Žaneýroda geçirilen Durnukly ösüş boýunça maslahatda (RIO+20) Türkmenistan BMG-niň işiniň aýratyn ugruny işläp taýýarlamagy, ony BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasy diýip atlandyrmagy teklip etdi, ol Aral deňzi sebitinde ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalary öz içine alyp bilerdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň ýene-de bir başlangyjyna ünsi çekdi. Tegu şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen VII Bütindünýä Forumynda türkmen tarapy suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň täze görnüşi hökmünde “suw diplomatiýasyny” ilerletmegiň möhümdigini aýtdy. Ýurdumyz suw serişdelerini aýawly saklamak, olary oýlanyşykly we netijeli peýdalanmak bilen bagly ähli meseleleriň seredilmegine gönükdirilen yzygiderli gepleşikleri hut şonda görýär.

Aral deňzi sebitiniň ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerini öz içine alýan täze hukuk gurallary hakynda meselä ýakyn wagtda seretmegiň möhümdigine ynam bildirmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň sebitiň ähli döwletleri bilen ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sammite gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk diýen rezolýusiýasynyň taýýarlandygyny we ylalaşylyp kabul edilendigini ýatladyp, bu resminamanyň kabul edilmeginde beren goldawlary üçin döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara alyp hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda Merkezi Aziýada suw we ekologiýa meselelerine garalmagy hem-de olaryň çözülmegi ugrunda hemişe çykyş edip, bu meselelerde diňe sebitleýin ylalaşygyň gazanylmagynyň netijeli döwletara gatnaşyklar üçin ýeke-täk kabul ederlikli usul bolup durýandygyny dogry hasap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şunda suw we ekologiýa meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy milli derejede iş alyp barmagyň degişli ýagdaýlaryna pugta daýanylmalydyr. Bular biri-biriniň üstüni ýetirýän, biri-birinden bölüp bolmaýan işlerdir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunda her döwletiň öz eýeleýän ornuna we jogapkärçiligine doly derejede düşünmelidigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz dürli pudaklarda milli meýilnamalary durmuşa geçirip, olary Durnukly ösüş maksatlarynyň ekologiýa düzüm bölümleri, hususan-da, suw serişdeleriniň has oňaýly peýdalanylmagy bilen hemişe laýyk getirýär. Suwdan oýlanyşykly peýdalanylmagy Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu bolsa öz nobatynda ekologiýa abadançylygyny saklamak we daşky gurşawy goramak bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydyr hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda suwarylýan ekerançylykda, gurluşykda hem-de gidrotehniki desgalary ulanmakda döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň uly tejribesi toplanyldy. Iri möçberli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba hojalygy ulgamyny netijeli ösdürmäge, dänäniň, pagtanyň hem-de beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, AHHG-ny esaslandyryjylar bolup durýan döwletleriň ählisini Araly halas etmegiň ynsanperwer maksatlaryna, Aral meselesiniň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak hem-de Aral ýakasynda ekologiýa, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlary gowulandyrmak boýunça mundan beýläk-de bilelikde işlemäge, bu ugurda ysnyşykly sebit we halkara hyzmatdaşlygyna Türkmenistanyň hemişe ygrarlydygyna ynandyrdy.

Soňra milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe söz berdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany şu günki duşuşygyň Araly halas etmegiň halkara Gaznasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň çuňňur manysynyň bardygyny belläp, bu möhüm umumysebit meýdançasynyň hereket edip başlan ilkinji günlerinden başlap, Aral deňzi sebitiniň we Aralýakasynyň çylşyrymly durmuş-ykdysady, suw hojalyk we ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

AHHG-e halkara derejesinde işjeň gatnaşyklary saklaýar. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz Gaznanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýanynda synçynyň derejesine eýe bolmagyna ýardam etdi diýip, Prezident Nursoltan Nazarbaýew belledi.

Merkezi Aziýanyň serhetüsti suw serişdeleriniň sebitiň halklarynyň umumy baýlygy we bähbidi bolup durýandygyny belläp, Gazagystanyň Lideri ähli döwletler tarapyndan çözgütleriň işjeň gözlenýändigini, netijeli pikirleriň we anyk taslamalaryň utgaşdyrylýandygyny aýtdy.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk halkara derejesindäki şanly waka bolup, suw serişdelerini we ekologiýany peýdalanmak meselelerinde sebitde birleşmek işine täze itergi berer. Bellenilişi ýaly, Sammitde täze ugurlar we wezipeler kesgitlenildi, olaryň çözülmegi Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegini üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu bolsa, bilelikdäki sazlaşykly hereketleri talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Nursultan Nazarbaýew Gazagystanyň sebitde hyzmatdaşlyk meselelerinde yzygiderli we ygtybarly hyzmatdaş bolup galýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mazmunly çykyşy üçin gazagystanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowa söz berdi.

Gyrgyzystanyň Baştutany öz çykyşynda Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak baradaky teklibi üçin türkmen Liderine ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Prezident Sooronbaý Žeenbekow durnukly häsiýete eýe bolýan sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn depginlerini belläp, şeýle birleşmeden ähli ýurtlaryň bähbit gazanýandygyny, Merkezi Aziýanyň bolsa, dünýäniň durnukly we ösýän sebitleriniň birine öwrüljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany netijeli çykyşy üçin Gyrgyz Liderine minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berdi.

Täjik Lideri çykyşynyň barşynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny döretmek hakynda 25 ýyl mundan ozal kabul edilen çözgüdiň möhümdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, AHHG-niň çäklerinde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Aral deňzi sebitiniň meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekmek hem-de sebit we halkara guramalary, hemaýatkär ýurtlar bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak, şol meseleleri çözmek üçin taslamalary, maksatnamalary amala aşyrmaga serişdeleri gönükdirmek başartdy.

Täjigistanyň AHHG-niň işiniň ähli ugurlarynda netijeli gatnaşyklara hem-de özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklamak bilen, Prezident Emomali Rahmon öňde goýlan maksatlary gazanmagyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow manyly çykyşy we onda aýdylan teklipler üçin ýokary derejeli täjik myhmanyna minnetdarlyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.

Özbek Lideri öz çykyşynda Gaznany esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň on ýyla golaý arakesmeden soň geçýän häzirki taryhy mejlisiniň guramanyň işinde täze sahypany açjakdygyny, Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjekdigini nygtady.

Bu gün biz hyzmatdaşlyk etmäge pugta taýýardygymyzy ýene-de tassyklaýarys diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi.

Aral meselesiniň ýaramaz täsirleriniň hötdesinden gelmek hem-de Aral ýakasynda durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmak, umumy bähbitleri nazara almak bilen, sebitiň suw we ekologiýa meselelerini çözmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy barada aýdyp, Özbegistanyň Baştutany AHHG-niň bu ugurda ýeke-täk sebit guramasy bolup durýandygyny hem-de häzir ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň netijeli guralyna öwrülip biljekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Baştutany özbek myhmanyna minnetdarlyk bildirip, eden çykyşlary üçin daşary ýurtly kärdeşlerine tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy.

Şu gün geçirilen pikir alyşmalaryň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde geljekde bilelikde işlemäge ugurlary kesgitlemek üçin oňat esas bolup hyzmat etjekdigine, aýdylan netijeli teklipleriň bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iş ýüzündäki anyk ädimlerde öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sammitiň işiniň tamamlanýandygyny yglan etdi.

Sammitiň işiniň netijeleri boýunça Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň