Arhiw

Awazada AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň bäş taraplaýyn duşuşygy boldy

19:1524.08.2018
0
4772

24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlygy hökmünde kabul edýän ýurdumyza ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Awaza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Türkmenistanda döwlet sapary bilen bolýan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldiler.

Sammitiň resmi banneriniň öňünde däbe öwrülen bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soň, AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlary Kiçi mejlisler zalyna bardylar, bu ýerde çäkli görnüşdäki ýokary derejeli bäş taraplaýyn duşuşyk boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Sammiti açyp hem-de Hazar deňziniň türkmen kenarynda belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslanlandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň şu günki duşuşygyna beren ünsleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu gün geçiriljek giňişleýin görnüşdäki duşuşykda özara gatnaşyklarda toplanan tejribä, döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna hem-de Aral meseleleri boýunça bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine seretmek bilen bagly meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşylar. Çäkli görnüşdäki duşuşyk sebitiň gün tertibiniň has ähmiýetli we möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlygy bolmak bilen, AHHG-niň çäklerinde bilelikdäki işleri utgaşdyrmak üçin geljekde hem tagallalary birleşdirmegi teklip edýär. 2017-nji ýyldan başlap biz Gaznanyň Müdiriýetiniň, onuň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň mejlislerini geçirdik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki Sammite taýýarlyk görmegiň barşynda şu günki duşuşygyň jemleýji resminamasyny taýýarlamak boýunça köp işler geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek etmek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň Konsepsiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasy ýaly resminamalar işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gaznanyň işini has-da kämilleşdirmegiň meselelerine ünsi çekdi, bu Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň esasy bölümleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin şu günki Sammitiň barşynda biz şu mesele boýunça kärdeşlerimiziň pikirlerini uly hormat bilen diňlemek isleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de şu ýylyň martynda Gazagystanda sebitiň döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitiniň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan öň türkmen tarapy sebit hyzmatdaşlygyna yzygiderli çemeleşmä geçmek barada pikiri öňe sürüp, bu meselä öz garaýşyny beýan etdi. Şunda esasy many-mazmun sebitde özara gatnaşyklar bilen bagly meselelere seretmek boýunça takyk guralan yzygiderli işlerde jemlenýär.

Ozaly bilen, öň teklip edilişi ýaly, sebitde geçirilýän Sammitlere taýýarlyk görlende ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilýän meselelere seretmek üçin ilki bilen bilermenleriň derejesinde maslahatlary geçirmegi zerur diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ikinjiden, bilermenleriň işiniň netijelerini jemlemek hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň ileri tutulýan bölümlerini kesgitlemek, şeýle hem maksada laýyk bolan halatynda döwlet Baştutanlarynyň Sammitine möhüm resminamalary işläp taýýarlamak üçin ministrleriň duşuşygyny geçirmek teklip edildi.

Üçünjiden, ministrleriň maslahatynyň jemleriniň, taýýarlanan gün tertibiniň esasynda hem-de bäştaraplaýyn resminamalar bolanda döwlet Baştutanlarynyň Sammitini geçirmek teklip edildi.

Eger şeýle tejribe gowy tarapdan makullansa, onda geljekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Maslahat beriji geňeşi ýaly instituty döretmek hakynda oýlanyp bolardy. Ýokarda beýan edilen Konsepsiýa türkmen tarapyndan teklip edildi, biz onuň seredilmegine çäksiz hoşallyk bilen garaşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda şeýle çemeleşilende BMG, ÝHHG, GDA ýaly abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny yzygiderli geçirilýän Sammitleriň çäklerinde gepleşikler stolunyň başyna çagyrmagyň mümkin boljakdygyny aýratyn belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşlerine – Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerine söz berdi. Olar öz çykyşlarynda AHHG-niň görnüşinde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini belläp, netijeli sebit gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynda olary has-da ösdürmek boýunça türkmen Lideriniň tekliplerini goldadylar.

Sammitiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda dürli ugurlarda AHHG-niň binýadynda hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça taraplaryň teklipleri beýan edildi.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmanlaryna netijeli we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmelere üstünlikleri we netijeli işlemegi arzuw etdi. Bu duşuşygyň geçirilmegi netijesinde giňişleýin düzümde mejlisi dowam etmek üçin asylly işiň başy başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň