Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Dänew etrabynda 320 orunlyk täze mekdep ulanylmaga berler

12:1824.08.2018
0
3373

Täze okuw edarasy Lebap welaýatynyň umumy bilim berýän mekdepleriniň hataryna goşular. Dänew etrabynyň “Maý” geňeşligindäki bu bina 1-nji sentýabrda okuwçylary kabul eder. 320 orunlyk täze mekdep Türkmenistanyň bilim ulgamynyň döwrebap talaplaryna laýyk gelýär. Häzirkizaman okuw enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglary, kitaphana, aýdym-saz we sport zallary, naharhana we beýleki kömekçi otaglar okuwçylaryň ygtyýarynda bolar, binanyň töwereginde dürli nahallar oturdyldy we ol abadanlaşdyryldy, şeýle hem oýunlar we sport zolaklary döredildi.
Täze okuw ýylynda Lebap welaýatynda okuwçylaryň 267 müňe golaýy mekdepleriň bosagasyndan ätlärler. Sebitde umumy bilim berýän mekdepleriň 380-si we mekdep-internatlaryň 4-si bar. Olaryň ählisi okuwyň başlanmagyna taýýar edildi.
Bilimler we talyp ýaşlar güni Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Tallymerjen obasynyň körpeleri-de sowgat alarlar, bu ýerde 90 orunluk çagalar bagy işe girizildi. Mekdebe çenli çagalar edarasynda körpeleriň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň