Gyrgyzystanyň Prezidenti Balkan welaýatyna ugrady

23:5123.08.2018
0
5266

Aşgabatdaky gepleşikler we şäher bilen tanyşlyk tamamlanansoň, Türkmenistanda saparda bolýan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň awtoulag kerweni paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy, belent mertebeli myhman bu ýerden Türkmenbaşy şäherine ugrady.
Gyrgyz Lideriniň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär. Ertir Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň