Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlanýar

07:2923.08.2018
0
4595

23-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wyň Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry baş­lan­ýar.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hä­zir­ki du­şu­şyk dost­luk­ly gat­na­şyk­lar, kö­pa­syr­lyk me­de­ni we ru­hy umu­my­lyk­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýurt­la­ry­my­zyň hem-de halk­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge tä­ze dep­gin ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň gün ter­ti­bi­ne hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň me­se­le­le­ri­niň giň to­pa­ry gi­ri­zi­ler. Iki ýur­duň Li­der­le­ri ta­gal­la­lar bir­leş­di­ri­len­de, gel­je­gi has uly bo­lan hyz­mat­daş­ly­gyň düýp­li ugur­la­ry­ny hem-de se­bit we hal­ka­ra de­re­je­dä­ki mö­hüm me­se­le­le­ri aý­dyň­laş­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar­lar.

17-nji aw­gust­da bo­lan Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow se­bit bo­ýun­ça goň­şy ýurt­lar, şol san­da Gyr­gy­zys­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ber­kit­me­giň we gi­ňelt­me­giň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny, türk­men hal­ky­ny goň­şy ýur­duň hal­ky bi­len öň­den gel­ýän dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň hem-de ta­ry­hy taý­dan ke­ma­la ge­len me­de­ni we ru­hy däp­le­riň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne la­ýyk gel­ýän öza­ra peý­da­ly iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Soň­ky ýyl­lar­da döw­le­ta­ra sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar düýp­li iş­jeň­leş­di. Türk­me­nis­tan we Gyr­gy­zys­tan öza­ra söw­da­nyň, ma­ýa go­ýu­my­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da öza­ra bäh­bit­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Gyr­gy­zys­tan Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da­ky, Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň, Ýa­kyn hem-de Uzak Gün­do­ga­ryň ulag ul­ga­my­ny bir­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len se­bit we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ry iş­jeň gol­da­ýar.

Dür­li ugur­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry kö­pu­gur­la­ýyn ös­dür­mek­de 2014-nji ýyl­da Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça dö­re­di­len hö­kü­me­ta­ra türk­men-gyr­gyz to­pa­ry­na uly orun be­ril­ýär. Bu to­pa­ryň üçün­ji mej­li­si şu ýy­lyň 30-njy iýu­lyn­da Aş­ga­bat­da esa­sy pu­dak­la­ýyn mi­nistr­lik­le­riň hem-de eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we we­kil­le­ri­niň, iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­di.

Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da ýo­la goý­lan sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ra ne­ti­je­li hä­si­ýet mah­sus­dyr. Bu gat­na­şyk­lar hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň we beý­le­ki ab­raý­ly dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar.

Yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne-de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ys­ny­şyk­ly me­de­ni we yl­my alyş­ma­lar ýo­la go­ýul­dy, türk­men hem-de gyr­gyz we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra mas­la­hat­lar gu­ral­ýar. Iki ýurt­da bi­le­lik­dä­ki çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. 2015-nji ýy­lyň ma­ýyn­da Gyr­gy­zys­tan­da türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň gün­le­ri, 2016-njy ýy­lyň iýu­nyn­da bol­sa Türk­me­nis­tan­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Iki ýur­duň öza­ra gat­na­şyk­la­ry sport ul­ga­myn­da hem iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri Ys­syk­kö­lüň ke­na­ryn­da ge­çi­ril­ýän Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na iş­jeň gat­naş­dy­lar, gyr­gyz tür­gen­le­ri bol­sa Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da çy­kyş et­di­ler. Sy­ýa­hat­çy­lyk we sag­ly­gy di­kel­diş ul­ga­my hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly pu­dak­la­ry ha­sap­la­nyl­ýar.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hä­zir­ki du­şu­şyk­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça türk­men-gyr­gyz hyz­mat­daş­ly­gy­ny bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­riň tä­ze sep­git­le­ri­ne çy­kar­ma­ga gö­nük­di­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň