Britan-golland ekipažy Garagumdaky başdan geçirmelere garaşýar

19:3920.08.2018
0
1075

Britaniýaly meşhur sürüji Garri Hant «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek üçin gollandiýaly ýolbeledi Wuer Rozgaary çagyrdy. Ralli bu ýylzylarynyň ikisi hem birnäçe ýola «Dakar» rallilerinde ussatlygyny görkezen türgenlerdir. Garri Hant 2016-njy ýyldaky «Dakar» ýaryşynda iň ýaş iňlis gatnaşyjy hökmünde hasaba alnypdy. Şol wagt ol 27 ýaşyndady. Muňa garamazdan, Garri Hantyň ekipažy 110 ulagyň gatnaşan ýaryşynda 10-njy orny eýeledi.
30 ýaşly sürüji «Amul — Hazar 2018» halkara ralli ýaryşyna «PEUGEOT 3008 DKR Maxi» kysymly sport awtoulagy bilen gatnaşmagy meýilleşdirýär. Meşhur ulag kompaniýasynyň bu kysymy Ýewropada 2017-nji ýylyň iň gowy sport ulagy saýlanylypdy. Britan-golland ekipažy şeýle saýlama ulag Garagumdaky başdan geçirmelere sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň