Türkmen agyr atletikaçylary türgenleşiklerini Gazagystanda dowam etdirýärler

19:3420.08.2018
0
2165

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy şu ýylyň nooýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlygyny dowam etdirmek üçin Gazagystanyň Kostanaý şäherine gitdi. Gazagystandaky okuw-türgenleşigine milli ýygyndymyzyň tälimçiler düzümi we 16 türgen gatnaşýar. Bu ýerdäki türgenleşikler 9-njy sentýabra çenli dowam eder. Milli ýygyndymyzyň nobatdaky türgenleşik ýeri bolsa Türkiýe Respublikasy bolar.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleşikleri ýylyň başyndan bäri güýçli depginde dowam edýär. Soňky aýlarda bolsa türgenlerimiz Tbliside, Antalýada we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türgenleşdiler. Mälim bolşy ýaly, çempionat Aşgabat şäherinde 1 — 10-njy noýabr aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň