Arhiw

Artur Geworkýan Özbegistanyň çempionatyndaky 100-nji topuny geçirdi

19:3220.08.2018
0
2007

“Kyzylkum” toparynyň türkmenistanly legioneri Artur Geworkýan 22-nji tapgyryň çäginde “Nowbahar” topary bilen geçirilen duşuşykda netijeli urgy geçirmegi başardy.
Geçiren bu goly türkmenistanly futbolçynyň Özbegistanyň çempionatynda derwezelere geçiren 100-nji topy boldy.
“Kyzylkum” toparynyň bu duşuşykda 2:0 hasabynda üstün çykandygyny ýatladýarys. Gazanan bu ýeňşinden soň ildeşimiziň topary toplan 23 utugy bilen ýaryş tertibinde eýeleýän 10-njy ornunda galdy.
Ýeri gelende aýtsak A.Geworkýan derwezelere geçiren toplaryny ýerli çempionatyň bäş toparynda öz adyna ýazdyrmagyň hötdesinden geldi.
Artur Geworkýanyň Özbegistanyň futbol çempionatyndaky geçiren toplary:
"Şurtan" - 24
"Pahtakor" - 2
"Nasaf" - 64
"Lokomotiw" - 1
"Gyzylgum" – 9

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň