Buhara oblastynyň wekilýeti Türkmenabatda işewür duşuşyklar geçirdi

19:2620.08.2018
0
1038

Ýakynda sebit dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy Uktam Barnoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistanyň Buhara oblastynyň wekilýeti Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabatda boldy. Dostlukly döwletiň serhetýaka oblastynyň wekilleriniň sapary Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Buhara oblastynyň dolandyryş merkeziniň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanpewer ulgamlarda hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy, oňa 2017-nji ýylyň martynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada döwlet saparynyň dowamynda gol çekilipdi.
Serhetýaka oblastyň wekilýetiniň Lebap welaýat häkimliginde bolan duşuşygynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiligi, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, medeni we ylmy gatnaşyklary işjeňleşdirmek ýaly meseleler ara alnyp masalahatlaşyldy.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda üstünlikli işleýän telekeçilik düzümleriniň gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. “Çarbag” seýilgäh toplumynyň dabaralar zalynda geçirilen türkmen-özbek biznes forumunyň tematikasy şu meselä bagyşlandy. Işewürler toparynyň wekilleri uly tebigy serişdeleri, oba hojalyk we senagat mümkinçiligi bolan serhetýaka sebitleriň özara bähbitli işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Türkmen we özbek haryt öndürijileriniň bilelikdäki sergisi Lebap welaýatynyň hem-de Buhara oblastynyň ösüşiniň ugurlary we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Ýörüteleşdirilen sergi eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalaryň we kompaniýalaryň öndürýän senagat hem-de azyk harytlarynyň giň görnüşi, amaly-haşam sungatynyň eserleri, sowgatlyk önümler we kitaplar bilen tanyşdyrdy, taryhy umumylyk baglaşdyrýan iki sebitiň medeniýeti hem-de däp-dessurlary barada giň düşünje berdi.
Goňşy sebitiň myhmanlarynyň sapary sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen jemlendi. Çärelere Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň