Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi açyldy

19:1520.08.2018
0
3814

Daşoguz şäherinde otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan köp gatly täze ýaşaýyş jaýlaryň ikisi ulanmaga tabşyryldy. Olaryň her biri üç we dört otaglydyr. Hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan bina edilen täze jaýlar Daşoguz köçesiniň ugrunda döredilýän täze ýaşaýyş toplumynyň binagärlik gurluşyna sazlaşykly goşuldy.
Dört otagly öýüň umumy meýdany 200 inedördül metrden gowrakdyr, üç otagly öýüň meýdany bolsa 170 inedördül metrdir. Olaryň her birinde ýaşamaga niýetlenen otaglardan başga-da, egin-eşik ýuwulýan we asylýan otag, aýnalanan giň eýwan we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr. Öýler aşhana mebeli, sowadyjylar, zerur bolan durmuş tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, olarda çagalaryň oýun meýdançasy gurlupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň