Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sport ulagynda synag sürşüni amala aşyrdy

05:1220.08.2018
0
6651

Dynç güni säheriň ir çagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sport ýaryşlarynyň hakyky şertlerinde nobatdaky gezek sport türgenleşigini geçmek üçin, Garagum sährasynyň ajaýyp künjekleriniň birine geldi.
Döwlet Baştutany bu ýere sport ulagynda gelip, degişli taýýarlygy ýerine ýetirdi, soňra Garagum sährasynyň özboluşly künjekleriniň biri boýunça ýola düşdi.
Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri ogly Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen sährasynyň aýratynlyklaryny nazara alyp, käbir awtomobil şaýlaryny peýdalanyp, ýörite çyzgylaryň üsti bilen ony täzeden gurnapdy, netijede ýaryş awtoulagynyň häsiýetnamalary gowulandy. Bu işleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ulagyň hereketlendirijisini hem güýçlendirdi. Şeýle hem şol gün döwlet Baştutany sport ulagynyň bezegine ünsi çekip, onda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunyň, türkmen tebigatynyň keşbiniň, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň nyşanynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Indi bu sport awtoulagy ýaryş synaglaryna bildirilýän talaplara doly laýyk gelip, halkara derejede taýýar bolup, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow onda ajaýyp Garagum sährasy boýunça türgenleşik geçirdi.
…Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren türgenleşigi döwlet Baştutanynyň ogly Serdar bilen bilelikde täzeden gurnan sport awtoulagynyň halkara ülňülerne degişli derejede laýyk gelýändigini görkezdi. Bu awtoulag serişdesiniň Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde, köp sanly dürli päsgelçilikler boýunça synagdan geçirilmegi, onuň ähli görkezijiler boýunça halkara ýaryşlara gatnaşmaga taýýardygyny äşgär etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň