Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annanyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

23:5819.08.2018
0
5571

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz hatynda Kofi Annanyň görnükli syýasatçy we beýik şahsyýet bolandygyny, bütin dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halklaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirendigini belläp, onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden duýgudaşlyk bildirip medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň