Türkmenistanyň Prezidenti "Ýaňlan, Diýarym!" telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

06:0718.08.2018
0
4925


опубликованно 18.08.2018 // 27 - просмотров
 

Mähriban Watanymyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!

Gadyrly ýaşlar!

Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe size uly döredijilik üstünliklerini, juwan kalbyňyzdan gaýnap çykýan ylhamyňyzyň, zehiniňiziň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda häzirki döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy almak üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizi dünýä derejesinde ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen tutumly işlere ýurdumyzyň ähli raýatlary bilen bir hatarda, ajaýyp döwrümiziň bagtyýar ýaşlary hem işjeň gatnaşýarlar. Biz mähriban Watanymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda medeni-durmuş maksatly binalaryň, zawod-fabrikleriň, döwrebap desgalaryň yzygiderli gurulmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge uly üns berýäris.

Gadyrly ýaşlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy, milli mirasy, maddy we medeni gymmatlyklary düýpli öwrenilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy galalarymyzyň, kerwensaraýlarymyzyň, taryhy ýadygärliklerimiziň gadyr-gymmatyny dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa nesillerde watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde, şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli mirasymyzyň aýratynlyklaryna göz ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy ýadygärliklerimizi, halkymyzyň taryhy we medeni mirasyny düýpli öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmaga, toplamaga, olary ylmy esasda öwrenmäge we gorap saklamaga, şeýle hem halkymyzyň baý geçmiş taryhyny, milli mirasyny dünýä ýaýmaga täze badalga berýär.

«Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylyň şöhratly wakalarynyň ähmiýetini has-da artdyrar. Bu taryhy wakalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Mähriban aýdymçy ýaşlar!

Siz ýaş kalbyňyzdan joşup çykýan aýdymlaryňyz bilen türgenlerimizi uly ýeňişlere ruhlandyrmalysyňyz. Siziň uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýän aýdymlaryňyz ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň sagdynlygynyň belent waspyna öwrülmelidir. Sungat bilen sport sagdyn jemgyýetiň gymmatly baýlygydyr. Sagdyn jemgyýetiň binýadyny berkitmek, medeniýeti, sungaty, sporty, bedenterbiýäni sazlaşykly ösdürmek möhüm wezipeleriň biridir.

Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda aýdym-sazy durmuşynyň, toýlarynyň bezegine öwrüp gelipdir. Halypa bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary adamlary watansöýüjilige, agzybirlige, halallyga, päk zähmete ruhlandyrypdyr.

Biz geljekde-de şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, halypa-şägirtlik ýolumyzy dowam etdirmäge, halypa sungat ussatlarymyzyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmaga uly üns bereris.

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!

Siziň türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmäge, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyňyza, halypa bagşylarymyzyň, aýdymçylarymyzyň döredijilik ýoluny mynasyp dowam etdirjekdigiňize berk ynanýaryn.

Siziň ähliňizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, sungat äleminde uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň