Soňky habarlar

Arhiw

Gurban baýramy günleri Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi

23:5817.08.2018
0
24865

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2018-nji ýylyň 22-23-24-nji awgustynda belleniler we şol günleri iş güni däl diýip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň