Awaza etrabyna täze häkim bellenildi

23:5417.08.2018
0
8494

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Berdimämmet Rejepmämmedowiç Annamämmedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirliginiň başlygy wezipelerine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň