Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2018, 17-nji tapgyr: "Aşgabat" bilen "Energetik" utuklary paýlaşdy

19:2917.08.2018
0
4875

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň birinji duşuşygy geçirilip, deňlik hasaba alyndy. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” topary Marynyň “Energetigini” kabul etdi.

Duşuşygyň 0:0 hasabynda deňlikde tamamlanandygyna garamazdan, iki tarapyň hem tapawutlanmaga birnäçe amatly pursatlarynyň bolandygyny bellemek gerek.

Şeýlelikde, geçirilen bu duşuşykdan soň “Energetik” utugyny 23-e ýetirdi (4-nji orun), “Aşgabat” bolsa 19-njy (5-nji orun) utugyny toplady.

17-nji tapgyryň duşuşyklary ertir dowam edip, onda “Balkan” Merwi”, “Ahal” bolsa “Köpetdagy” kabul etdi.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 “Aşgabat” – “Energetik” – 0:0

Duýduryşlar: Dawid Sarkisow 45 (“Aşgabat”) – Selim Ataýew 36, Rahmet Şermetow 44, Akmyrat Jumanazarow 57 (“Energetik”)

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçylar: 250

 Çeşme: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň