Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýaty bilen Horezm oblasty hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

03:5517.08.2018
0
5337

Sebit dolandyryş merkeziniň baştutany Farhod Ermanowyň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň Horezm oblastynyň wekilýeti Daşoguzda boldy. Dostlukly döwletiň serhetýaka oblastynyň wekilleriniň sapary Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Horezm oblastynyň dolandyryş merkeziniň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanpewer ulgamlarda hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy, oňa 2017-nji ýylyň martynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada döwlet saparynyň dowamynda gol çekilipdi. 
Horezm oblastynyň wekilýetiniň hatarynda sebit dolandyryş merkeziniň we dürli edaralaryň ýolbaşçylary, telekeçiler toparynyň wekilleri, sungat ussatlary bardy. 
Welaýat häkimliginde geçirilen duşuşyk Daşoguz we Horezm sebitleriniň resmi wekilýetiniň saparynyň maksatnamasyny açdy. Soňra TSTB-niň welaýat bölüminiň telekeçilik merkezinde işewür forum we iki sebitiň dürli ugurlardaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan sergi gurnaldy. 
Ýörüteleşdirilen sergi senagat we azyk önümleriniň, şol sanda hususy kärhanalaryň öndürýan harytlarynyň giň görnüşi bilen tanyşdyrdy. Onda şeýle hem amaly-haşam sungatynyň eserleri, sowgatlyk önümler görkezildi.
Özbek tarapyndan sergä gatnaşanlaryň arasynda Ürgenç şäherinden zynjyrly we tigirli ekskawatorlary, awtogreýderleri, frontal ýük ýükleýjileri we beýleki agyr tehnikalary öndürýän bilelikdäki özbek-hytaý «UzXCMG» JÇJ, akkumulýator monobloklaryny we polipropilen turbalary öndürýän “Mini akkumulýator” JÇJ, Şawat raýonyndan lak-reňleýjileri bilen tanalýan “Akman” hususy kärhanasy, süýt önümlerini öndürmäge ýörüteleşen “Tillo domor” hususy kärhanasy we beýlekiler bar. 
Dürli döwlet kärhanalary bilen birlikde oba senagat pudagynda işleýän, gurluşyk serişdelerini, azyk önümlerini we alyjylar bazarynda islegli beýleki harytlary öndürýän hususy kompaniýalar Daşoguz welaýatyna wekilçilik etdiler. Olaryň arasynda “Hilal”, “Peýnirçi” kärhanalaryny, “Owadan ulus” Hojalyk jemgyýetini we beýlekileri agzamak bolar. 
Sebitara biznes-forum Daşoguz welaýatynyň we Horezm oblastynyň ösüşiniň ugurlary we mümkinlikleri bilen tanyşdyrýan şekilli tanyşdyryşlar bilen açyldy. Duşuşyga gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, netijeli özara hereketi işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Daşoguz welaýatynyň we Horezm oblastynyň oba hojalygy ösendir, onda pagta, galla ýetişdirmek we maldarçylyk esasy orun tutýar, ýerli çig maly gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalary hereket edýär. Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň-вф geljegi uludyr, çünki sebitleriň ikisinem taryhy-medeni umumylyk we medeni däpler baglaşdyrýar. 
Forumda çykyş edenler Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň tagallasy bilen häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä çykandygyny bellediler. Ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanşygy ep-esli artdy, Horezm oblastynda bolsa bileliлdäki hususy kärhana döredildi. Iki sebitiň wekilleri Özbegistanyň serhetýaka oblastynyň wekilýetiniň saparynyň yzygiderli gatnaşyklara itergi berjekdigine we sebitleriň arasyndaky köpugurly özara hereketi işjeňleşdirjekdigine ynam bildirdiler. 
Duşuşyk Daşoguzyň N. Andalyp adyndaky welaýat sazly-drama teatrynyň sahnasynda bolan sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen jemlendi. 
Çärelere Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň