Russiýanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, türkmen kärdeşine Soçä gelip görmek üçin iberilen çakylygy kabul edendigi, türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi, şol sanda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky, ynsanperwer gatnaşyklaryň ýagdaýy, halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça resmi däl ýagdaýda duşuşyk geçirýändigi üçin sagbolsun aýtdy.
Prezident Wladimir Putine mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň birek-birege hormat goýmak esasyndaky döwletara gatnaşyklary ýola goýýan strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kesgitlenen meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýedigini nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz özüniň russiýaly kärdeşini futbol boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylykly geçendigi we onuň ýokary derejä eýe bolmagy bilen gutlady.
Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň bähbidine halkara giňişlikde ägirt uly işleri bitirýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryň berkidilmegine goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, Russiýanyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Soňra iki ýurduň Liderleri resmi däl ýagdaýda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň möhüm ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly kadalaşdyryjy-hukuk binýady Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň uzak möhletleýin gatnaşyklara ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Geçen ýyl Wladimir Putiniň ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen we ähli ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň giň toplumy onuň üstüni ýetirdi.
2017 — 2019-njy ýyllar üçin niýetlenen degişli Hökümetara maksatnama ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Özboluşly “ýol kartasyna” öwrülen üç ýyllyk döwür bu ulgamdaky türkmen-rus gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny, şol sanda söwda, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy we beýleki pudaklary öz içine alýar.
Munuň özi amatly maýa goýum ýagdaýyny hasaba almak bilen, daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna bolan isleglerini şertlendirýär. Russiýa Federasiýasynyň birnäçe belli kompaniýalary ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýarlar.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplanýan ulag pudagy häzirki şertlerde dünýä ykdysadyýetiniň binýatlyk ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, özüniň geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmeginden ugur alyp, Türkmenistan sebit hem-de yklym ähmiýetli multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli taslamalary öňe sürýär we olary yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bu ugurdaky wajyp ädime öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Hazar deňzindäki port düzümlerini, şol sanda Türkmenbaşy we Astrahan şäherleriniň arasyndaky gämi gatnawlaryny netijeli ösdürmek geljegi uly ugur hasaplanylýar.
Dünýäniň energetika ýurdy hasaplanýan hem-de ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan iki döwlet üçin hem energetika pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, netijeli bilim, ylym we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ynam bildirdiler.
Taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň derejesine we onuň mazmunyna ýokary baha berip, sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Olar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Russiýanyň BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny bellediler. Şunuň ýaly ýakyn gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant bolup durýar.