Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

23:4715.08.2018
0
6320

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjo Mattarella Genuýa şäheriniň golaýyndaky awtomobil köprüsiniň ýumrulmagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.

Şu agyr pursatda Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň