Kubok bäsleşiginiň ýarym finalçylary belli boldy

23:5714.08.2018
0
4756

u gün, 14-nji awgustda geçirilen duşuşyklardan soň Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginde ýarym finala çykan toparlar belli boldy.

“Aşgabady” kabul eden “Ahal” topary Süleýman Muhadowyň hem-de Begenç Akmämmedowyň gollary bilen ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykmagy başardy. Onuň ýarym finaldaky garşydaşy “Köpetdag topary bolar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary öz gezeginde iki duşuşygyň netijesinde “Şagadamdan” üstün çykdy.

Beýleki ýarym finalda “Altyn Asyr” bilen “Energetik” toparlary güýç synanyşarlar.

Ýarym final duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary az soňra belli bolar.

 

Türkmenistanyň Kubogy

¼ final. Jogap duşuşyklary.

 “Ahal” – “Aşgabat” – 2:0

Gollar: Süleýman Muhadow 15, Begenç Akmämmedow 90 (“Ahal”)

Duýduryşlar: Güýçmyrat Annagulyýew 19, Myrat Annaýew 45+1 (“Ahal”) – Elýas Akyýew 63 (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçylar: 150

Birinji duşuşyk – 2:2

 

 “Köpetdag” – “Şagadam” – 1:0

Gol: Pirmyrat Soltanow 37 (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: Öwezbaý Muhammetmyradow 70 (“Köpetdag”) – Ýagmyrmyrat Annamyradow 43, Myratgeldi Gurbangeldiýew 76, Röwşengeldi Halmämmedow 80, Ionel Kosofana 90+3 (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ruslan Ereşow (Türkmenabat ş.)

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçylar: 500

Birinji duşuşyk – 1:1

 

 “Energetik” – “Merw” – 1:0

Gol: Akmyrat Jumanazarow 56 (“Energetik”)

Duýduryşlar: Akmyrat Jumanazarow 38, Begli Meredow 73 (“Energetik”) – Amangeldi Saparow 30, Perman Hallyýew 53 (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Bahtyýar Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçylar: 1000

Birinji duşuşyk – 1:1

 

“Balkan” – “Altyn Asyr” – 2:3

Gollar: Şamämmet Hydyrow 52, Yhlas Magtymow 90 (“Balkan”) – Altymyrat Annadurdyýew 29, Mihail Titow 35, Gurbangeldi Batyrow 40 (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: Yhlas Toýjanow 57, Annageldi Weliýew 75 (“Balkan”) – Bagtyýar Gürgenow 77 (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: Alibek Sapaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: Geldi Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçylar: 250

Birinji duşuşyk: 0:5

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň