Soňky habarlar

Arhiw

“Ak Sili” hususy kärhanasy reagentleri çykarmaga ýöriteleşýär

13:3311.08.2018
0
5512

Mary welaýatynda ýerleşýän “Ak Sili” hususy kärhanasy energetikada, nebit we gaz çykarmakda, himiýa, lukmançylyk, azyk senagatynda we beýleki pudaklarda ulanylýan reagentleri çykarmaga ýöriteleşýär. Telekeçiler geçen ýylyň dekabryndan bäri iki ýüz tonnadan gowrak tehniki hlorowdorodyň suwdaky erginini ödürdiler. Önümiň aglaba bölegi Mary we Seýdi döwlet elektrik beketlerinde, Türkmenbaşy ýylylyk-eletrtik merkezinde ýerlenildi.

Telekeçiler hlorowodorodyň suwdaky erginini ýerli çig maldan – Garabogaz aýlagynyň gatlaklaryndaky bol bişofit mineralyndan alýarlar. Özi-de, reagent öndürmek üçin gerekli enjamy kärhananyň hünärmenleriniň özi ýasadylar.

TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary bilen bilelikde kislota almagyň tehniki düzgüni işlenilip taýýarlanyldy. Golaýda himiýaçylar ýörüte “Ak Sili” HK üçin hlorowodorodyň suwdaky ergininiň esasynda energetikada we beýleki pudaklarda ulanylýan ýylylyk alşygy hem-de ýyladyş enjamlarynyň daşyndaky duz we demir oksidli gatlaklary aýyrmak üçin olary ýuwup aýyrýan ergin almagyň tehnologiýaýasyny işläp taýýarladylar. Mundan başga-da, ol mermerdäki, granitdäki we beýleki ýerlerdäki hek örtügini aýyrmakda, şeýle hem nebitli guýylaryň düýbüni arassalamakda ulanylýar. Ýaňy-ýakyna çenli bu reagent daşary ýurtlardan satyn alynýardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň