Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynda goşunyň taýýarlygyny barlady

11:4711.08.2018
0
1073
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynda goşunyň taýýarlygyny barlady

Balkan welaýatyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşunyň harby-taktiki taýýarlygyny barlady. Bu ýerde ilkinji gezek harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly bölümleriniň görkezme çykyşlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýaraglaryň dürli görnüşlerinden okuw atyşyklaryny geçirdiler. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň nyşanany dürs urmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýaraga ussatlyk bilen erk edýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýörite meýdançada ýörite düzümleriň esgerleri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna döwrebap tehnikalary we enjamlary netijeli ulanmakda ýokary ussatlyklaryny, ýaraglara hem-de söweş sungatyna erk etmekde başarnyklaryny, başa-baş söweşiň dürli tilsimlerini hem-de jenaýatçylary ele salmakda gulluk itlerini peýdalanmak başarnyklaryny görkezdiler.

Görkezme çykyşlaryna paraşýutçylar topary başlaýar. Olar çylşyrymly howa şertlerinde edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezdiler. Asmanda söweş dikuçarlary peýda bolýar, ýörite düzümleriň esgerleri olardan böküşi amala aşyrýarlar hem-de belli bir belentlikde howa giňişliginde Döwlet baýdagyny ýaýýarlar. Harby gullukçylar ýere düşüp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berýärler.

Soňra okuw-türgenleşik meýdançasynda beýleki bölümleriň esgerleri hünär taýýarlygynyň derejesini görkezýärler. Olar sowuk ýaraga hem-de söweş sungatyna erk etmek başarnygyny we başa-baş söweşleriň dürli tilsimlerini ýokary ussatlyk bilen görkezýärler.

Şeýle hem esgerler ulag serişdesini bikanun eýelän topary ýok etmek boýunça hereketleri başarnykly görkezdiler. Ýörite maksatly bölümleriň biriniň esgerler topary döwrebap söweş ýaraglaryna, şol sanda dürli aralykdan snaýper ýaragyna erk etmek başarnygyny görkezip, nyşanany urdy. Tabşyrygyň barşynda uçarmansyz enjamlar hem netijeli ulanylyp, şolaryň kömegi bilen garşydaşyň esasy söweşjeň nokady ýok edildi.

Görkezme okuwlaryny beýleki ýörite maksatly bölümler dowam etdi.

Bilelikdäki taktiki hereketleriň barşynda ýörite bölümleriň harby gullukçylarynyň hüjümiň we partlatmak synanyşygynyň dessine hem-de ýitgisiz öňüni almak başarnygy görkezildi. Şertli garşydaşyň ulag kerwenini ýok etmek boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilýän mahaly, söweş dikuçarlary hem-de ýöriteleşdirilen harby ulaglar gatnaşdy, şeýle hem iň täze gorag serişdeleri, tehniki enjamlar hem-de ýaraglaryň döwrebap nusgalar peýdalanyldy.

Soňra okuwlary ýörite maksatly bölümleriň ýene-de biri dowam etdi. Olara ýolagçy demir ýol düzümini ele salan terrorçylar toparyny ýok etmek hem-de girewe alnan adamlary boşatmak tabşyryldy. Degişli gulluklaryň utgaşykly hereketleri netijesinde ýörite maksatly düzümiň bölümi gysga wagtyň içinde öňde goýlan wezipä hötde geldi.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýörite maksatly bölümleri dürli päsgelçiliklerden, şol sanda barmasy kyn we tebigy taýdan çylşyrymly ýerlerden geçmek başarnygyny hem-de sowuk ýaraga erk edişlerini we başa-baş söweşiň tilsimlerini görkezdiler.

Häzirki okuwlaryň maksatnamasyna şertli jenaýatçyny saklamak boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilişini görkezmek girizildi. Munuň üçin itleriň ýörite türgenleşdirilen görnüşleri ulanylýar. Olar agtaryş häsiýetleri babatda tapawutlanýar — birnäçeleri açyk ýerde uzak wagtlap aňtamaga, beýlekileri binanyň içinde tabşyryklary ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Häzirki okuwlarda «owçarka» itleriniň ukyplary görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli aragatnaşyk boýunça Hazar deňziniň türkmen zolagynda geçirilen okuwlaryň barşyna gözegçilik etdi. Bu okuwlara harby-deňiz güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň dürli kysymly gämileriniň, Türkmenistanyň Harby-howa güýçleriniň uçarlarynyň we dikuçarlarynyň toparlary, ýurdumyzyň harby düzümleriniň ýörite maksatly bölümleri gatnaşdylar. Harby esgerler şu günki okuwlaryň barşynda öňlerinde goýlan wezipäni takyk ýerine ýetirip, ata Watanymyzyň deňiz çäkleriniň ygtybarly goralýandygyny, bu gün öz bilimlerini kämilleşdirýän, döwrebap deňiz tehnikalaryny, enjamlaryny we ýaraglaryny ussatlyk bilen dolandyrýan harby deňizçilerimiziň netijeli gulluk edýändigini aýdyň görkezdiler.

Okuwlar tamamlanansoň, Türkmenistanyň Prezidenti ýokary söweş başarnyklary üçin esgerlere minnetdarlyk bildirdi hem-de geçirilen görkezme okuwlarynda ussatlyklaryna ýokary baha berdi. 

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň