Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynda serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

10:3111.08.2018
0
8708

Balkan welaýatynda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň biriniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna gelýär, bu ýerde ata Watanymyzyň edermen goragçylarynyň birkemsiz gulluk etmegi we harby okuwlaryň geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi. Milli Liderimiz täze aragatnaşyk serişdeleri we ýörite tehnikalar bilen üpjün edilen maglumat merkezi bilen tanşyp başlaýar.

Ýörite monitorda serhet birikmesiniň degişli çäklerine gije-gündiziň dowamynda wideogözegçiligi amala aşyrýan enjamlaryň işleýşi görkezilýär. Harby gullukçylaryň ygtyýarynda döwlet serhediniň her bölüminde islendik ýagdaýa dessin täsir etmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalar bar. Serhet birikmesi boýunça nobatçy Belent Serkerdebaşymyzy Maglumat merkeziniň enjamlarynyň tehniki häsiýetnamalary we iş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrýar.

Milli Liderimiz nobatçy bilen söhbetdeşlikde häzir serhet goşunlarynda ýokary hünärli, öz işini bilýän, syýasy taýdan sowatly, çylşyrymly, döwrebap harby tehnikalary, enjamlary ussatlyk bilen dolandyrýan serkerdeleriň täze nesliniň kemala gelendigini belledi. Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň öňünde durýan esasy wezipe Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, edermen harby gullukçylaryň beden, taktiki we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Bu ýerde milletiň Lideri Döwlet serhet gullugynyň serkerdesine täze öýüň açaryny gowşurdy.

Toplumyň dolandyryş binasynda dürli çäreleri geçirmek üçin uly mümkinçilikler döredilip, serhetçileriň hyzmatynda ähli amatlyklary bolan iş otaglary, kitaphana, gulluk we durmuş maksatly beýleki otaglar bar.

Döwlet Baştutany Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz serhet birikmesiniň täze toplumynyň desgalary bilen tanyşmagy dowam etdi.

Belent Serkerdebaşymyz binanyň birinji gatynda ýerleşen esgerleriň ýatakhanasyna barýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz serhetçileriň gün tertibi we olar üçin döredilen şertler bilen gyzyklanýar. Milli Liderimiz ýaşaýyş jaýyny synlap, bu ýere ýygnananlaryň ünsüni ýaş esgerleriň ýaşamagy we dynç almagy, gullukdan boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin hemme mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyna çekdi, şeýle hem serhetçileriň durmuş üpjünçiligi, olary zerur zatlar bilen üpjün etmek bilen bagly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Bu ýerdäki naharhanada tagamly naharlar taýýarlanylýar, çörek bişirilýän peçde bolsa serhetçiler ýylyjak çörek bilen gündelik üpjün edilýär.

Serhet birikmesiniň düzümine halkara ölçeglere kybap gelýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi girýär. Bu ýerde serhetçilere ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur zatlar göz öňünde tutuldy.

Serhet birikmesiniň çäginde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin açyk meýdança hem göz öňünde tutuldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek bilen, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine uly üns berýär. Beýleki düzümlerde bolşy ýaly, milli goşunymyzda hem şahsy düzümiň beden we hünär taýýarlygyny üpjün etmek, sportuň harby-amaly görnüşlerini ösdürmek üçin şertler döredilýär.

Şeýle hem topluma durmuş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlary girýär.

Bu ýerde ýaşaýyş jaýlary hem gurlup, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Öýler mebeller, öňdebaryjy önüm öndürijileriň durmuş tehnikalary bilen üpjün edildi. Çagalar üçin oýun meýdançasy göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň