Soňky habarlar

Arhiw

"Köpetdag" "Aşgabady" uly hasap bilen ýeňdi, "Merw" bilen "Şagadam" bolsa deňme-deň

23:5610.08.2018
0
6335

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäginde “Aşgabady” kabul eden “Köpetdag” topary garşydaşynyň derwezesinden netijeli urgularyň üçüsini geçirmegi başardy. Duşuşykdaky birinji goly toparyň ýaş oýunçylarynyň biri 17 ýaşly Meýlis Diniýewiň geçirendigini aýratyn bellemek gerek. Hüjüm futboluny öňe süren Türkmenistanyň Içeri işler  ministrliginiň toparynyň ikinji, üçünji toplaryny degişlilikde Batyrgylyç Berdiýew bilen Ilýa Salow öz atlaryna ýazdyrdylar.

“Merw” bilen “Şagadamyň” arasynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bu duşuşykdaky toplaryň ikisiniň hem 11 metrlik urgularyndan geçirilendigini aýratyn bellemek gerek.

Şeýlelikde geçirilen bu duşuşyklardan soň 27 utuk toplan “Şagadam” eýeleýän üçünji ornuny saklap galdy. 18 utukdan toplan “Aşgabat” bilen “Merw” toparlary degişlilikde 5-nji, 6-njy orunlary eýeleýärler. Bu ýeňşinden soň utugyny 15-e ýetiren “Köpetdag” 7-nji orny eýeleýär. Ýaryş tertibiniň ýokarky ornuny 34 utugy bilen “Ahal” topary eýeleýär. Ondan iki utugy az bolan “Altyn Asyr” ikinji orunda ornaşypdyr. Bu toparlaryň arasyndaky aýgytlaýjy duşuşyk ertir geçiriler. Şeýle-de, 16-njy tapgyryň çäginde 11-nji awgustda “Energetik” bilen “Balkan” toparlary hem duşuşar.

16-njy tapgyrda geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

 “Köpetdag” – “Aşgabat” – 3:0

Gollar: Meýlis Diniýew 6, Batyrgylyç Berdiýew 47, Ilýa Salow 80 (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: Pirmyrat Sultanow 45, Meýlis Diniýew 65 (“Köpetdag”) – Ibragim Mämmedow 44, Süleýman Orazow 45+2, Azat Şamyradow 90+2

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçylar: 200

 

 “Merw” – “Şagadam” – 1:1

Gollar: Begenç Alamow 51 (11 m.j.u. “Merw”) – Begenç Annagurbanow 24 (11 m.j.u. “Şagadam”)

Duýduryşlar: Maksat Atagarryýew 8, Amangeldi Saparow 54, Döwlet Mirsultanow 78 (“Merw”) – Baýramgeldi Nurlyýew 21, Röwşengeldi Halmämmedow 50, Ionel Kosofana 58 (“Şagadam”)

Meýdançadan çykarylanlar: Maksat Atagarryýew (2-nji duýduryş, “Merw”) – Röwşengeldi Halmämmedow 69 (2-nji duýduryş, “Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Sport desgasy” stadiony (Mary wel. Baýramaly etr.)

Duşuşygyň emini: Arslan Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: Raşit Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçylar: 500

Çeşme:  “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň