Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň şähergurluşygy bilen tanyşdy we Balkan welaýatyna ugrady

04:5710.08.2018
0
11651

9-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Saparyň maksady günbatar sebitde milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen tanyşmakdan ybaratdyr.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan ýolda milletiň Lideri Aşgabatda alnyp barylýan şähergurluşyk işleriniň ýagdaýyny synlady we Atamyrat Nyýazow hem-de Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda aýak çekdi. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, kaşaň “Garagum” myhmanhanasy gurlar.
Bu ýerde döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara uzynlygy howa menziline baryp ýetýän seýilgäh zolagyny döretmek baradaky pikiri aýtdy. Ol diňe bir şäheriň bezegine öwrülmän, eýsem, şol ýerdäki jaýlarda ýaşaýan adamlaryň dynç almagy üçin amatly ýere öwrüler. 
Döwlet Baştutany paýtagtymyzyň şu bölegini ösdürmek meselelerine geçmek bilen, bu ýerdäki 21-nji orta mekdebiň köne binada ýerleşýändigini aýtdy we häkime bu bilim ojagy üçin täze, häzirki wagtda halkara derejesine çykýan Türkmenistanyň bilim ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýän täze binalaryň gurulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Özüniň adyna laýyklykda, bu ýerde guruljak myhmanhananyň binasy Türkmenistanyň täsin tebigy ajaýyplyklarynyň biri bolan Garagumuň täsin tebigatyny beýan eder. Binanyň göni burçlary hem-de altynsow aýnalary çägelik depeleriň görnüşini ýatladýar. Bu ýerde tebigy sähralykdan tapawutlylykda, myhmanlary amatlylygyň hem-de ýokary derejeli hyzmatlaryň hakyky adasy garşylar. Milli bezeg usulynyň ulanylmagy netijesinde, bu ýer ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen kerwensaraýy ýatladar. Şunda iň täze tehnologiýalar we serişdeler, täsin gurluş çözgütleri ulanylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelenden soň, özüniň Hazaryň kenaryndaky kabulhanasyna tarap ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň