Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň azyk laboratoriýalary ISO/IEC 17025 ölçeginiň täze ugry boýunça akkreditasiýa almaga taýýarlanýarlar

04:0710.08.2018
1
6353

«Ýyldyz» myhmanhanasynda synag we ölçeg laboratoriýalaryna ISO/IEC 17025 halkara ölçegine laýyklykda menejment ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň oba hojalygynyň we obalarynyň mundan beýlägem durnukly ösüşine ýardam etmegiň III tapgyry (SARD III)» Taslamasynyň guran çäresine azyk önümleri bilen iş salyşýan dürli laboratoriýalaryň hünärmenleriniň 19-sy gatnaşdy. Olaryň arasynda Saglyk we jemgyýetçilik iýmiti merkeziniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanyndaky laboratoriýanyň, «Türkmenstandartlary» Gullugynyň laboratoriýasynyň wekilleri, şeýle hem Etalon merkeziniň gözegçileri bar. 
Halkara bilermeni Wladimir Beresnewiň geçiren okuw-türgenleşigine gatnaşanlar laboratoriýalara akkreditasiýa bermegiň halkara ulgamy, barlag we ölçeg laboratoriýalary üçin ISO/IEC 17025:2017 halkara ölçegleriniň talapalry bilen tanyşdylar. ISO/IEC 17025 ölçeginiň soňky ugrunyň adalatlylyk, içerki we daşarky ýagdaýlaryň laboratoriýalaryň işine täsiri, onuň işiniň huhuk aspektleri, töwekgelçilik menejmenti, IT-tehnologiýalaryň ulanylmagy ýaly täze girizilen kadalaryna aýratyn üns berildi. 
Hili gowulandyrmak arkaly türkmenistanly azyk önümlerini öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak – SARD III taslamasynyň esasy wezipeleriniň biridir diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Artur Rassell nygtady. 
Öz gezeginde, bilermen Wladimir Beresnew Türkmenistanyň laboratoriýalrynyň kärine ussat hünärmenler we innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigini, halkara akkreditasiýasynyň bolsa olaryň başarjaňlygyny tassyklajakdygyny belledi. Azyk merkeziniň we TSTB-niň laboratoriýalaryna baryp gören W. Beresnew bu edaralaryň halkara akkreditasiýasyny almak ugrunda alyp barýan işlerine oňyn baha berip, degerli maslahatlar aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň