Soňky habarlar

Arhiw

Ahmet Ataýew täze toparynda ilkinji duşuşygyny geçirdi

20:3308.08.2018
0
1108

Ýakynda Indoneziýanyň “Arema” toparyndan” “Persela” toparyna geçen futbol boýunça milli ýygyndymyzyň esasy ýarym goragçysy Ahmet Ataýew täze toparynyň düzüminde ilkinji duşuşygyny geçirdi.

19-njy tapgyryň çäginde geçirilen duşuşykda ildeşimiziň topary myhmançylykda “Persebaýa” toparyndan 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Ýarymgoragda çykyş eden A.Ataýew oýnuň 86-njy minutynda sary duýduryş petegini aldy.

Geçirilen 19 tapgyrdan soň “Persela” topary toplan 27 utugy bilen ýerli çempionatda 10-njy orny eýeleýär.

Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň