Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda gök-bakja ekinlerinden bol hasyl alyndy

20:3108.08.2018
0
8806

Türkmenistanyň demirgazygynda kartoşka, pomidor, hyýar we beýleki gök ekinler ýokary depginlerde ýygnalýar. Mysal üçin, häzirki wagta çenli ýigrimi müň tonnadan gowrak kartoşka ýygnaldy. Onuň ortaça hasyllylygy gektardan 140 tonna barabardyr. Hünärmenleriň çaklamasyna görä, şu ýyl sebitiň kärendeçileri 3,5 müň gektar ýerden azyndan 47 müň tonna kartoşka ýygnarlar. Daşoguz welaýatynyň ekarançylary awgust aýynyň başyna çenli 540 tonnadan gowrak hyýar ýygdylar, munuň özi tabşyrygyň ýaryndan gowragydyr, şeýle hem 1800 tonna golaý kelem, 1,5 müň tonnadan gowrak käşir, 4 müň tonna golaý sogan we 3,5 müň tonna pomidor ýygnadylar. 3 müň gektara golaý ýere ekilen bakja önümleri köpçülikleýin ýygylýar.

Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldanylmagy netijesinde demirgazyk sebitde daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we ilaty özümizde öndürilýän ter gök-miwe önümleri bilen üpjün etmek döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ol sebitiň tebigy-howa şertlerine laýyklykda ekin meýdanlaryndan we suwdan rejeli peýdalanmagyň, ýörüte tehnikalary netijeli ulanmagyň, öňdebaryjy agrotehniki usullardan peýdalanmagyň hasabyna gazanylýar. Sebitde gurlan eýeçiligiň dürli ögrnüşlerine degişli bolan döwrebap ýyladyşhanalar hem öňde goýlan wezipeleri çözmäge saldamly goşant goşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň