Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly eminler Aziýa oýunlarynda eminlik ederler

12:2308.08.2018
0
5008

FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow bilen kömekçi emin Pälwan Pälwanow Indoneziýada geçiriljek Aziýa oýunlarynda futbol bäsleşiklerine emin hökmünde çakylyk aldylar — diýip, TFF-niň resmi saýty (tff.com.tm) ýazýar.
Ýakynda Aziýa Futbol Konfederasiýasyndan gelen resmi habara laýyklykda eminlerimiz Aziýa oýunlarynyň çäginde erkek futbolçylaryň arasynda geçiriljek futbol ýaryşynda eminlik ederler.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagta çenli halkara oýunlarynyň 100-e golaýyna eminlik eden 41 ýaşly Çarymyrat Gurbanow Aziýa oýunlarynda ikinji gezek gatnaşýar. Tejribeli eminimiz mundan öň Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda üç duşuşykda eminlik edipdi.
Aziýa oýunlary – 2018-iň çägindäki futbol ýaryşy 10-njy awgust-1-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Toparçalaryň altysynda bäsleşjek milli ýygyndylaryň 26-synyň arasyndaky futbol ýaryşy Indoneziýanyň dört şäherinde (Soreang, Sibinong, Bekasi, Çikarange) geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň